Erogly Anastasiadis bilen duşuşdy

Duşuşyga BMG-nyń Kipr boýunça geńeşçisi Espen Barth Eide hem gatnaşdy

129234
Erogly Anastasiadis bilen duşuşdy

DKTR-nyń Prezidenti Derwiş Erogly Kipr parahatçylyk gepleşikleriniń çäginde Kipriń grek böleginiń lideri Nikos Anastasiadir bilen BMG-nyń Baş sekretarynyń Kipr boýunça ýörite wekili Lira Buttenheimiń araçäk sebitdäki kabulhanasynda agşam naharynda duşuşdy.
Duşuşyga BMG-nyń Kipr boýunça geńeşçisi Espen Barth Eide hem gatnaşdy.
Duşuşyk metbugata ýapyk ýagdaýda geçdi.
Beýleki tarapdan Erogly bilen Anastasiadis Kipr gepleşikleriniń çäginde araçäk sebitde ýańadandan duşuşar. Duşuşyga DKTR-nyń we Kipriń grek böleginiń adyndan gepleşikleri alyp baryjylar hem gatnaşar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar