Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň türkmenlere goldawy dowam edýär

180 maşgala azyk kmmegi berildi

101781
Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň türkmenlere goldawy dowam edýär

Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti Yraga ynsanperwer kömegini ugratmaga dowam edýär. Kerkugyň Altynköpri etrapçasyna baran Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň topary, ol ýerde agyr şertlerde ýaşaýan 180 maşgala azyk kömegini paýlady.
Yrakda çaknyşyklar sebäpli agyr günleri başda geçirýän maşgalalara kömek bermek isleýändiklerini aýdan Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň Yrakdan jogapkär ýolbaşçysy Ümit Türkarslan, din, dil, kowum we messep tapawudyny goýmazdan mätäç bolanlaryň ählisine kömek berýändiklerini nygtady.
Yrak Türkmen Frontunyň agzasy, halk deputaty Aýdyn Maruf hem Mosulyň Yrak-Damask Yslam Döwleti guramasy tarapyndan alynmagyndan soň Türk Ýarym gyzylaý jemgyýeti bilen ynsanperwer kömeklerini utgaşdyrýandyklaryny aýtdy. Maruf “Agyr günlerde bizi ýalňyz goýmadyk Türkiýä we onuň halkyna sagbolsun aýdýarys” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar