Milli bilim ministri Nabi Awjy Türkmenistana bardy

Awjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi

92465
Milli bilim ministri Nabi Awjy Türkmenistana bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen Awjy Türkmenistan bilen Türkiýӓniň arasýnda bilim pudagynda edilýӓn hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyny aýtdy.
Nabi Awjy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda Awaza ylalaşygy hökmünde atlandyrlan Bilim şertnamasyna gol çekişendiklerini aýtdy.
Bilim hyzmatdaşlygy şertnamasynyň çӓginde Halkara Türkmen-Türk uniwersitetiniň esasyny düzendiklerini aýdan Awjy şertnamanyň çӓginde şeýle hem Bilim ministrleriniň ýolbaşçylyk etmeginde bilelelikdӓki komissiýanyň döredilmeginiň göz önünde tutulýandygyny belledi.
Awjy “şol komissiýa bilen gatnaşyklarymyz pugtalanmak bilen dowam eder. Awaza ylalaşygynyň geljekde taryhy ylalaşyk boljakdygyna ynanýaryn”diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar