Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

997428
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe öz uçaryny öndürjek derejä ýeter” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň käbir ýurtlaryň Türkiýä ýarag satmakdan çetde durýandygyna ünsi çekip; “Erbet goňşy bizi öýli etdi” diýendigini we Türkiýäniň indi öz uçaryny öndürjek güýje eýe boljakdygyny aýdandygyny ýazýar. Gazet: “Häzirki wagtda şonuň bilen bagly işleri dowam etdirýäris” diýen Erdoganyň, agramy 4,5 tonna 1,5 tonna bomba göterme ukybyna eýe bolan uçaryň öndürilýändigini aýdandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Manbijiň terrordan saplanmagy Türkiýäniň diplomatik ýeňişi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýäniň egilşiksiz çemeleşmegi netijesinde ABŞ-nyň egilşik edendigini we ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-niň Siriýanyň Manbij etrabyndan 4-nji iýulda çekilmäge başlajakdygyny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe ilkinji F-35 uçaryny kabul edip aldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji F-35 kysymly harby uçary ABŞ-nyň Tehas ştabynda guralan dabara bilen Türk harby howa güýçlerine gowşurylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Syýahatçylykda ähli döwürleriň rekordy goýuldy” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuşyň 2018-nji ýylyň 5 aýynda 11,8 million syýahatçynyň Türkiýä gelendigini aýdandygyny ýazýar. Habarda “Bu san ähli döwürleriň rekordy” diýen Kurtulmuşyň: “Enşalla 2018-nji ýylyň ahyrynda 40 million syýahatçy sanyna we 32 milliard dollar syýahatçylyk girdejisine ýeteris” diýen sözleri çap edilýär.

“Star” gazeti “Türkiýeden ABŞ-na goşmaça salgyt jogaby” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň 23-nji martdan bäri import demir we polat önümlerine 25, alýumine 10 göterim goşmaça gümrük salgydyny gyýandygyny ýatladyp, Türkiýäniň degişli salgytdan boşadylmak isländigini, emma onuň kabul edilmändigi sebäpli 1,8 milliard dollara barabar kömür, kagyz, hoz-badam, temmäki, tüwi, awtoulag, kosmetika, enjamlar we nebit-himiýa önümlerine goşmaça gümrük salgydyny goýmak barada karar kabul edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar