Türk daşary syýasatyna syn 06

Mirziýaýewiň 1-nji ýylynda Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklary

908338
Türk daşary syýasatyna syn 06

Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýaýew ýurdyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyna 1 ýyl boldy. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Mirziýaýewiň ýurdyň Prezidenti wezipesine saýlanmagynyň 1-nji ýylyny we Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň şu günki temamyz bilen baglanşykly analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

Özbegistany takmynan 25 ýyl dolandyran Yslam Kerimowyň ýogalmagyndan soň, Özbegistanda geçirilen Prezident saýlawlarynda Şewket Mirziýaýew üstünlik gazandy. Birnäçe wagt ozal Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýaýew wezipä saýlanmagyna 1 ýyl doldy.

2017-nji ýylyň fewral aýynda Mirziýaýew 2017-2021-nji ýyllar aralygyny öz içine alýan Galkynyş strategiýasyny tassyklady. Bir ýylyň içinde Özbegistanda esasan hem strukturalaýyn üýtgeşiklikler ýurdyň ykdysadyýet pudagynda giňden durmuşa geçirildi.  

Mirziýaýew bir ýylyň dowamynda ozal döwletiň basyşy sebäpli zeper ýeten ykdysadyýetiň liberallaşdyrylmagy üçin 40-a golaý üýtgeşiklikler girizdi. Mirziýaýew Kerimowyň çetleşme syýasatyndan ýüz öwürdi we beýleki Türki dilli Respubikalar bilen gatnaşyklaryny özgertmäge başlady.  

Mirziýaýewiň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana guramagy bu ugurda möhüm bir başlangyç boldy. Geçen 14 aýlyk döwürde Mirziýaýew daşary ýurt programasyny esasan hem Türki dilli Respublikalarynyň liderlerine aýyrdy. Gazagystanyň Prezidenti bilen 6 gezek, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň hersi bilen 3 gezek duşuşyk geçirdi. Mundan başgada Türkiýä 1 gezek sapar gurady we biri Özbegistanda bolmak bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdogan bilen 2 gezek duşuşyk geçirdi.

Özbegistanyň goňşy ýurtlar bilen bolan gatnaşyklaryny özgertmek babatyndaky tagallalary, sebitleýin hyzmatdaşlyk taýdan hem möhüm bir pursat. 2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabr aralygynda Samarkant şäherinde BMG-nyň hemaýatkärlik etmeginde “Orta Aziýada howpsyzlyk we dowamly galkynyş” temaly halkara maslahat geçirildi. Bu maslahatda 2018-nji ýylyň Nowruz festiwalyndan ozal Astanada Orta Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleriniň gatnaşmagynda bir maslahat geçirilmegi barada karar kabul edildi. Türki dilli Respublikalaryň arasynda özgerýän bu hyzmatdaşlyk, gün tertibine garaşsyz bir Türkistan üçin gerek bolan şertleri ýüze çykaryp biler. Öňümizdäki etapda Orta Aziýanyň beýleki 4 ýurdyna ýakyn ýerde ýerleşmegi taýdan Özbegistan sebitiň söwda merkezi ýagdaýyna öwürlip biler diýen tama bar.

Mirziýaýew ilkinji ýylynda ýurdyň mediasyna has köp azatlyk berdi. Ekerançylykda mejbury işiň ortadan aýrylmagy üçin anyk ädimler etdi. 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap hökümediň rugsady bolmazdan özbek raýatlaryna daşary ýurtlara çykmaklaryna böwet bolýan çykyş wizalaryň aýrylmagy barada karar kabul etdi. Mundan başgada 10-njy fewraldan başlap Özbegistan Türkiýe Respublikasynyň raýatlaryan 30 günlik möhlet üçin wiza islemejekdigini habar berdi. Bu örän gowy bir karardyr.

Türkiýe 1991-nji ýylda Özbegistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtdyr. Şol sebäpli iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar çalt özgerdi. 2005-nji ýylda Özbegistandaky Andijan wakalarynyň ara alynyp maslahatlaşylan BMG-nyň Baş Assambleýasynda Türkiýe Özbegistana garşy ses berdi. Şol sebäpli 1991-nji ýylda gowy başlan gatnaşyklar, 2005-nji ýyldan soň gowşamaga başlady. Emma Erdogan we Mirzýaýewiň ikitaraplaýyn saparlary gatnaşyklaryň ýaňadandan güýçlenmegini üpjün etdi. Samarkantda geçirilen duşuşykda Erdoganyň “Gatnaşyklarda täze sahypa”, Mirziýaýewiň bolsa “Mundan beýläk sözde däl, eýsem hakykatda hyzmatdaşlygyň wagty geldi” sözleri şu günki gün has köp many eýe boldy.

Özbegistan taryhy gatnaşyklar sebäpli Türkiýäniň ugrunyň we köňlüniň bir ýurdudyr. Indi iki ýurdyň arasyndaky dartgynly gatnaşyklaryň tamam bolandygyny aýdyp bilerin. Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklarynda başda dokma, saglygy goraýyş, deri bolmak bilen birlikde ykdysadyýetde we  terrora garşy göreşde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklar çalt özgerer. Elbetde bu gatnaşyklaryň jemgyýetçilik guramalary, media we akademik guramalaryň hyzmatdaşlyklary bilen goldanmagy hökmany. Bu ugurda Gazagystandaky Türkiýe-Gazagystan Ahmet Ýasawy uniwersitedi ýaly umumy Türkiýe-Özbegistan uniwersitetleriň gurulmagy örän peýdaly bolar. Bir şahamçasy Stambulda, beýleki bir şahamçasy bolsa Samarkantda boljak Türkiýe-Özbegistan Ulug Beg uniwersitedi Türkiýäniň we Özbegistanyň eýe bolan taryhy maglumat baýlygyny Türkofon sebitde durmuşa geçirmekde uly rol oýnap biler.

Iki ýurdyň umumy gymmatlyklarynyň biri bolan Hanefi-Maturidi/Sopy yslam, gysgaça aýdylanda bolsa Türk-yslam däbi Selefi radikkallygynyň öňünde Ýewraziýa üçin rasional bir saýlam bolup biler. Bu ýerde iki ýurda hem uly wezipeler düşýär.

Mirziýaýew döwri Özbegistan üçin täze bir başlangyç boldy. Kerimow Türk Geňeşi başda bolmak bilen sebitleýin hyzmatdaşlyklara hemişe garşy boldy. Bu syýasatyň üýtgemegi sebitdäki aktýorlar we Özbegistan üçin bähbit bolup biljek bir ýoluň öňüni açyp biler. Özbegistanda nagt pul we energetika pudaklarynda käbir meseleleriň bardygyny bilýäris. Bu meseleleriň hötdesinden gelmek üçin daşary ýurtlaryň maýa goýumlary we sebitleýin hyzmatdaşlyklar çözgüt ýoly bolup biler.

Mirziýaýew ýurduny we sebiti gowy tanaýar. Bu babatda tejribesi bar. Öňümizdäki etapda Özbegistanyň Türkiýe we Türk Geňeşi bilen gatnaşyklaryny ösdürmegi hem sebit hemde Türkofon dünýä taýdan örän möhüm. Sebäbi Özbegistan Türkofon geografiýanyň strategik taýdan wajyp ýurdudyr.



Degişli Habarlar