Taryhda 29-njy noýabr

Taryhyň Şu Güni

1536073
Taryhda 29-njy noýabr

1947-nji ýylyň 29-njy noýabry… BMG araplaryň ähli garşylygyna garamazdan Palestinanyň bölünmegi we garaşsyz Ysraýyl döwletiniň gurulmagy hakynda karar kabul edýär. Şol karar henize çenli dowam edýän çaknyşyklaryň başlamagyna sebäp bolýar.

1981-nji ýylyň 29-njy noýabry… Amerikan kinosynyň meşhurlaryndan Natali Wud syrly deňiz heläkçiliginde dünýeden ötýär. Ençeme ýyl dowam eden derňew işiniň netijesinde polis Wuduň ölmeginde adamysy Robert Wagnerin “şübheli adamdygyny” beýan edýär.

2016-njy ýylyň 29-njy noýabry… Braziliýanyň futbol komandasy Çapekonsäni Kolumbiýadaky Günorta Amerika kubogynyň finalyna alyp barýan uçar ýere gaçýar. Uçardaky 81 adamdan 76 sanysy aradan çykýar. Heläkçilikden 3 futbolçy halas bolýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar