Taryhda 28-nji noýabr

Taryhyň Şu Güni

1535767
Taryhda 28-nji noýabr

1938-nji ýylyň 28-nji noýabry…  10-njy noýabrda dünýeden öten Türkiýäniň esaslandyryjysy we ilkinji Prezident M.K.Atatürkiň şahsy wesýetnamasy açylýar. Atatürk wesýetnamasynda ýakynlaryna, Türk Dil we Taryh guramalaryna maddy kömek berilmegi şerti bilen ähli emlägini Respublikan halk partiýasyna goýup gidýär.

1943-nji ýylyň 28-nji noýabry… ABŞ-nyň Prezidenti Ruzwelt, Britaniýanyň Premýer ministri Çerçill we Sowet Soýuzynyň Lideri Stalin Tähran sammitinde duşuşýar. 3 gün dowam eden sammitde 2-nji Jahan urşundan soň hyzmatdaşlaryň arasynda ýüze çykan düşnüşmezlikler kesgitlenýär.

1979-njy ýylyň 28-nji noýabry… Papa Ýan Pol 2-nji Türkiýä gelýär. Şol wir wagtda Watikanyň döwlet Ýolbaşçysy bolan Papa Ýan Pol 2-nji Ankara gelip, Türkiýäniň paýtagtyna sapar eden ilkinji Papa derejesine eýe bolýar.

2002-nji ýylyň 28-nji noýabry… Türk şygyrynyň beýik ussady, “Garyp” akymynyň öňbaşçylaryndan Melih Jewdet Andaý 87 ýaşynda Stambulda dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar