Taryhda 25-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1515099
Taryhda 25-nji oktýabr

1147-nji ýylyň 25-nji oktýabry…  Soltan Mesud 1-njiniň serkerdelik edýan Seljuk goşunlary nemes Şasy Konrad 3-njiniň serkerdelik edýän Haçparaz goşunlaryny Eskişehiriň golaýyndaky Dorileon söweşinde derbi-dagyn edýär.

1924-nji ýylyň 25-nji oktýabry… Türk milletçiliginiň öňbaşçylaryndan, ýazyjy, şahyr we syýasatçy Ziýa Gökalp Stambulda dünýeden ötýär.

1947-nji ýylyň 25-nji oktýabry… Sowet Soýuzy Türkiýä beren diplomatik notalary bilen Dardanel we Bosfor bogazlarynda harby baza bilen Kars hem-de Ardahan welaýatlarynyň özüne berilmegini talap edýär. Türkiýe şol talaplary kabul etmeýär. ABŞ-nyň we Britaniýanyň Türkiýäni goldamagy sebäpli Sowet Dolanşygy 1953-nji ýylda Staliniň ölmeginden soň şol talaplaryndan resmi taýdan el çekýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar