Taryhda 23-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1514220
Taryhda 23-nji oktýabr

1956-njy ýylyň 23-nji oktýabry…  Wegriýada Sowet basybalyjylygyna we hâkimiýetine garşy pitne turýar. Bütin ýurtda başlan ýörişlerde Sowet esgerleriniň ýurtda çykarylmagy islenýär. Sowet Soýuzy Wengriýany basyp almaga hakynda karar kabul edýär we gyzyl goşun paýtagt Budapeşti gabaw astyna alýar. Premýer-minitri Imre Nagi Sowetlere garşy BMG-de kömek soraýar, emma garaşýan goldawyny tapmaýar.

1983-nji ýylyň 23-nji oktýabry… Liwanyň paýtagty Beýrutda Amerikan we fransuz parahatçylyk güýçleriniň ştab kwartiralaryna partlaýyjy ýüklenen ulaglar bilen kamikaze hüjümi guralýar. Hüjümde 241 amerikan deňiz pyýadasy we 58 fransuz esgeri ölýär.

2011-nji ýylyň 23-nji oktýabry… Türkiýe Respublikasynyň taryhyndaky iki güýçli ýer titremesinden biri Wan welaýatynda yzly-yzyna başdan geçirildi. 6,7 bala barabar bolan ikinji ýer titremeden 18 gün soň 7,2 bala barabar ýer titremesi bolýar. İki apatda 644 adam pida bolýar, 4 müňden gowrak adam ýaralanýar. Wan şäherinde we etraplarynda 3 müňe golaý bina ýykylýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar