Taryhda 22-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1513485
Taryhda 22-nji oktýabr

1962-nji ýylyň 22-nji oktýabry…  “Kuba Raketa Dartgynlygy” başlaýar. ABŞ-nyň Prezidenti Jon Kennedi Kubada Sowet raketalarynyň bardygyny resmi taýdan beýan edýär we Fidel Kastronyň liderligindäki Kuba döwletine garşy sanksiýa goýmak hakyndaky kararyny dünýä yglan edýär. Amerikan deňiz floty Kubany gabaw astyna alýar. Dünýä ilkinji gezek ýadro söweş howpyny başdan geçirýär.

1975-nji ýylyň 22-nji oktýabry… Türkiýäniň Wenadaky İkçisi Deniş Tunalygil 2 ermeni terrorçysy tarapyndan şehit edilýär.

1983-nji ýylyň 22-nji oktýabry…Federatiw Germaniýada we Fransiýada şol bir wagtda geçirilen ýadro ýaraglaryna garşy ýörişlere 1,5 million adam gatnaşýar. Preotstçiler ýadro ýaraglarynyň ýok edilmegini we ýadro energiýa beketleriniň ýapylmagyny isleýärler.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar