Tarýhda 22-nji sentýabr

Tarýhýň Şu Güni

1495117
Tarýhda 22-nji sentýabr

1980-nji ýylyň 22-nji sentýabry…  Yragyň Eýrana uruş etmegi we resmi Tähranyň Mehrabat howa menzili bilen birlikde 7 howa menzilini bombalamagy sebäpli Eýran-Yrak urşy başlaýar. 8 ýyl dowam eden söweşde 1 milliona golaý adam ýogalýar.

1985-nji ýylyň 22-nji sentýabry… Fransuz hökümeti 1985-nji ýylyň 10-njy iýulynda Täze Zelandiýanyň Aukland portunda batanda Grinpise degişli “Radinbow Warrior” gämisini fransuz içalylarynyň batyrandygyny boýun alýar.

1993-nji ýylyň 22-nji sentýabry… Nýu-Ýorkyň Metropolitan muzeýi Türkiýeden bikanun ýollar bilen alynyp gidilen “Karunyň Hazynasyny” Türkiýä yzyna berjekdigini beýan edýär. Türkiýe 1987-nji ýyldan bäri hazynany yzyna almak üçin hukuky taýdan göreş alyp barýardy. 432 bölekden ybarat Karunyň hazynasy 3 gün soň Türkiýä getirilýär.


Etiketkalar: #hazyna , #Yrak , #Eýran

Degişli Habarlar