Taryhda 20-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1493545
Taryhda 20-nji sentýabr

622-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Yslamyň Pygamberi Hezreti Muhammet bilen ýakyn dosty Hezreti Abubakyr Mekgeden Medinä “göçýär”. 9-njy sentýabrda başlan syýahadyň dowamynda birnäçe gezek ölüm howpyny başdan geçiren Muhammet, Medinä 1 sagat alyslykdaky Kuba baryp ýetýär. Şol ýerde 4 gün bolan Hezreti Muhammet 24-nji sentýabr anna güni Medine şäherine barýar.

 

1951-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Türkiýe Demirgazyk Atlantik Alýansynyň çagyryşyna laýyklykda NATO agza bolýar.

 

1984-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Beýrutdaky Amerikan ilkiçahasyna guralan bombaly hüjümde ikisi amerikaly 23 adam ýogalýar. Ýaralanan 60 adamyň arasynda ABŞ-nyň we Britaniýanyň ilçileri hem bardy.

 

1988-nji ýylyň 20-nji sentýabry… Naim Süleýmanogly Seuldaky olimpiada oýunlarynda ştanga boýunça 6 dünýä rekorduny goýýar. 



Degişli Habarlar