Taryhda 18-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1492696
Taryhda 18-nji sentýabr

1956-njy ýylyň 18-nji sentýabry… Efesde 1926-njy ýyldan bäri dowam etdirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerinde Artemisiň dünýä meşhur heýkeli tapylýar. Grek mifologiýasyndaky taňryça Artemisden tapawutly özboluşlyklara eýe bolan Efes Artemisi, tebigat taňryçasy hökmünde önjeýliligiň, hasyllylygyň we berekediň simwoly. Gadymy Efes şäherindäki “Efes ybadathanasy” bolsa dünýäniň 7 gudratyndan biri.

 

2002-nji ýylyň 18-nji sentýabry… Baku-Tibilisi-Jeýhan nebit turba göterijisiniň gurluşygyna Türkiýäniň Prezidenti Ahmet Nejdet Sezeriň, Azerbaýjanyň Prezidenti Haýdar Aliýewiň we Gruziýanyň Prezidenti Şwerdnadzäniň gatnaşmagynda badalga berilýär. Uzynlygy 1768 kilometre barabar bolan nebit turba göterijinden 2006-njy ýylda gaz akdyrylmaga başlanýar.

2005-nji ýylyň 18-nji sentýabry… Sowet Soýuzynyň hüjümleri we ýurtdaky içerki uruşlar sebäpli uzak ýyllardan syýasy durnuksyzlygy başdan geçiren Owganystanda 36 ýyl soň parlament saýlawy geçirilýär.



Degişli Habarlar