Taryhda 9-njy sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1487321
Taryhda 9-njy sentýabr

1922-nji ýylyň 9-njy sentýabry …  Beýik hüjümde we Dumlupynar meýdan söweşinde ýeňiş gazanan türk goşunlary Izmiri greklerden halas edýär we grek goşunlaryny Anadolydan doly kowup çykarýar.

1976-njy ýylyň 9-njy sentýabry …  Hytaý Halk Respublikasynyň esaslandyryjysy Mao Zedung 83 ýaşynda dünýeden ötýär. Maonyň aradan çykmagyndan soň Kommunistik partiýada hâkimiýet çekeleşigi başlaýar. Göreşiji özgerlişikçileriň lideri Deng Şiaoping göreşde üstün çykýar.

1982-nji ýylyň 9-njy sentýabry …  Türkiýäniň Burgazdaky Başkonsullygynyň adminstratiw attaşesi Bora Süelkan ermeni terrorçylary tarapyndan şehit edilýär.

2004-nji ýylyň 9-njy sentýabry …   Awstraliýanyň İndoneziýanyň paýtagty Jakartada ýerleşýän İlçihanasyna bombaly hüjüm guralýar. Al Kaýda bilen baglaşykly terror guramasy Jemagaty Yslamy tarapyndan guralan hüjümde 10 adam ýogalýar.



Degişli Habarlar