Taryhda 28-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1480737
Taryhda 28-nji awgust

 

1963-nji ýylyň 28-nji awgusty…  ABŞ-nyň günorta ştatlarynda başlan “Raýat hukuklary ýörişi” paýtagt Waşingtonda gutarýar. Afroamerikan aktiwist Marti Luter King 200 müň adama ýüzlenip: “Bir arzuwym bar” diýip başlaýan, meşhur çykyşyny edýär.

1988-nji ýylyň 28-nji awgusty… Germaniýanyň Ramştein harby howa bazasyndaky awia şoularyň dowamynda Italiýanyň howa güýçleriniň toparyna degişli üç uçar kakyşyp, tomaşaçylaryň üstüne gaçýar. Heläkçilikde 75 adam pida bolýar, 346 adam ýaralanýar.

 

1995-nji ýylyň 28-nji awgusty… Serpler Saraýewodaky Markale bazaryna snarýadly hüjüm guraýar. Ikinjisi guralan gyrgynçylykda 43 adam ýogalýar, 75 adam ýaralanýar.



Degişli Habarlar