Taryhda 15-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1473214
Taryhda 15-nji awgust

1461-nji ýylyň 15-nji awgusty…  Fatih Soltan Mehmediň serkedelik edýän Osman goşunlary 1 ýyla golaý dowam eden gabawdan soň Trabzony alýar we Trabzon Grek imperiýasyny syndyrýar.

1914-nji ýylyň 15-nji awgusty…   Guluşygy 33 ýyl dowam eden we Atlantik okeany bilen Ýuwaş ummany birikdirýän Panama kanaly açylýar.

1960-njy ýylyň 15-nji awgusty…   Türkiýäniň, Britaniýanyň we Gresiýanyň hem-de Kiprdäki türk we grek wekilleriň gol goýan Sýurih we London ylalaşyklaryna laýyklykda Kipr Respublikasynyň gurlandygy yglan edilýär. 3 ýurt täze Kipr döwletiniň hemaýatkäri bolýar.

1969-njy ýylyň 15-nji awgusty…   “Wudstok” Aýdym-saz we Sungat festiwaly 400 müň adamyň gatnaşmagynda Nýu-Ýorkda başlaýar. Festiwal 3 gün dowam edýär.



Degişli Habarlar