Taryhda 28-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1462756
Taryhda 28-nji iýul

 

1750-nji ýylyň 28-nji iýuly…  Dünýäniň meşhur kompozitorlaryndan Jon Sebastian Bah 65 ýaşynda dünýeden ötýär.

1914-nji ýylyň 28-nji iýuly…   I Jahan urşy başlaýar. Britaniýa bilen Fransiýanyň başda durmagyndaky Antanta girýän ýurtlar bilen Germaniýanyň öňbaşçylygyndaky Hyzmatdaş güýçleriň arasyndaky söweş 4 ýyl dowam edýär. 1917-nji ýylda ABŞ-nyň urşa goşulmagyndan soň ähli frontlarda ýeňilişe sezewar bolan Germaniýa we ýaranlary ýaraşyk talap etmeli bolýar. 70 milliona barabar esgeriň gatnaşan urşunda dürli frontlarda 9 million esger we asuda ilatdan onlarça müň adam ölýär.

1976-njy ýylyň 28-nji iýuly…   Hytaýyň Tangsan şäherinde 7,8 bala barabar ýer titremesi bolýar. Müňlerçe binanyň ýykylmagyna sebäp bolan ýer titremesinde 240 müň adam pida bolýar.



Degişli Habarlar