Taryhda 20-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1457826
Taryhda 20-nji iýul

1936-njy ýylyň 20-nji iýuly… Montr Bogazlar şertnamasyna gol çekişilýär. Şertnama bilen Bosfor we Dardanel bogazlarynyň gözegçiligi dolulygyna Türkiýäniň garamagyna degişliolýar. Parahatçylyk şertlerinde harby däl gämilere geçiş hukugyny berýän şertnama bilen Gara deňize kenary bolmadyk ýurtlaryň harby gämileriniň geçişine çäklendirme girizilýär.

1973-nji ýylyň 20-nji iýuly… Söweş sportlarynyň ussady we boksçy Brus Li 33 ýaşynda dünýeden ötýär.

1974-nji ýylyň 20-nji iýuly… Prezident Makariosyň agdarlyşyk bilen iş başyndan çetleşdirilmeginden soň Türkiýe hemaýatkärlik şertnamasyndan gelip çykýan hukugyndan peýdalanýar we Kipr türklerini goramak üçin “Kipr Parahatçylyk Operasiýasyny” başladýar. Premýer ministr Bülent Ejewit “Biz uruş üçin däl, parahatçylyk üçin we diňe bir türklere däl, rumlara hem parahatçylyk getirmek üçin ada girýäris” diýýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar