Taryhda 4-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1448647
Taryhda 4-nji iýul

1187-nji ýylyň  4-nji iýuly… Aýýubi Soltany Salahattin Aýýubi Hittin söweşinde İýerusalimiň şasynyň serkerdelik edýän Haçparaz goşunlaryny derbi dagyn edýär. Söweşden soň İýerusalim Salahattin Aýýubi tarapyndan alynýar.

1546-njy ýylyň  4-nji iýuly… Türk deňizçilik taryhynda öçmejek yz galdyran, Preweze ýeňişiniň meşhur serkerdesi we Osman döwletiniň ilkinji Deňiz güýçleriniň serkerdesi Barbaros Haýrettin Serkerde 68 ýaşynda dünýeden ötýär.

1776-njy ýylyň  4-nji iýuly… Demirgazyk Amerikadaky 13 koloniýa döwleti Amerikan Garaşsyzlyk Jarnamasyny tassyklap Britaniýadan garaşsyzlygyny yglan edýär.

1976-njy ýylyň  4-nji iýuly… Ysraýylyň desant güýçleri palestinaly awia garakçylar tarapyndan zamun alynyp, Ugandanyň Entebbe howa menziline gondurylan uçara halas ediş operasiýasyny guraýar. Ugandanyň hökümetinden birugsat geçirilen operasiýada zamun alynan üç adam bilen ähli palestinaly başbozarlar we 45 Uganda esgeri öldürilýär.

1994-nji ýylyň  4-nji iýuly… Türkiýäniň Gresiýadaky Geňeşçi İlçisi Ömer Haluk Sipahiogly Afyny sezewar bolan ýaragly hüjüminde şehitbolýar. Jenaýaty grek terror guramasy “17-nji noýabr” boýun alýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar