Taryhda 2-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1447509
Taryhda 2-nji iýul

         1566-njy ýylyň 2-nji iýuly… Çaklamalary bilen dünýä meşhur bolan Nostradamus 63 ýaşynda dünýeden ötýär. Nostradamus çaklamalary sebäpli buthana tarapyndan dinden çykarylýar.

         1570-nji ýylyň 2-nji iýuly… Osman deňiz floty Wenesiýanyň häkimiýetindäki Kipri almak üçin ada goşun getirmäge başlaýar. 13 aý dowam eden söweşden soň Kipr 1571-nji ýylyň 1-nji awgustynda zabt edilýär we 300 ýylyň dowamynda türk häkimiýetine degişli bolýar.

         1778-nji ýylyň 2-nji iýuly… “Deňlik, azatlyk, doganlyk” şygary bilen 1789-nji ýyldaky fransuz ynkylabyna ylham beren meşhur pelsepeçi we ýazyjy Žan Žak Russo 66 ýaşynda dünýeden ötýär.

         1990-njy ýylyň 2-nji iýuly… Saud Arabystanynda Minada şeýtan daşlamaga gelen hajylar tunelde dyklyşýar. Dyklyşda 609 sanysy türk raýaty 1426 hajy dünýeden ötýär.            


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar