Taryhda 30-njy iýun

Taryhyň Şu Şüni

1445652
Taryhda 30-njy iýun

1908-nji ýylyň 30-njy iýuny… Russiýanyň Sibir sebitindäki Tunguska derýasynyň golaýynda atmosferada görülen asteroid howada partlady. 800 kilometr alysdan göz bilen görünen partlama sebäpli emele gelen seismiki tolkunlar Ýewropa materigine täsirini ýetirýär.

1934-nji 30-njy iýuny… Germaniýada premýer ministrlige bellenen Adolf Gitler nemes goşunynyň we senagatçylaryň goldawyny almak üçin partiýanyň içindäki oppozisiýany “Uzyn pyçaklylar gijesi” atlandyrylan waka bilen dargadýar. Gitler ýakyn dosty SA-nyň başlygy Ernst Roehm bilen birlikde Nasist partiýanyň paramilitar guramasy SA-nyň ýolbaşçylaryny öldürdýär.

1971-nji 30-njy iýuny.. “Soýuz 11” bilen älem giňişligine baran we 22 günüň dowamynda şol ýerde bolan rus kosmonawtlary Wladislaw Wolkow, Georgi Dobrowski we Wiktor Patsaýew dünýä dolanyp gelýärkäler gonuş howasynyň çykmagy sebäpli ölýärler. Bu waka älem giňişligindäki ilkinji adam pidasy bolýar.

2004-nji 30-njy iýuny… Yragyň basylyp alynmagyndan soň ele salynan Saddam Hüseýin we Baas režiminiň 11 sany ýokary derejeli ýolbaşçysy kazynyň öňüne çykarylýar. Saddam Hüseýin ilkinji düşündirişinde kazyýetiň özüni jenaýat jogapkärçiligine çekme ygtyýarynyň ýokdugyny aýdýar.



Degişli Habarlar