Taryhda 29-njy iýun

Taryhyň Şu Güni

1444967
Taryhda 29-njy iýun

1913-nji ýylyň 29-nnjy iýuny… Birinji Balkan urşunda Osman döwletinden alan ýerlerini paýlaşmak meselesinde ylalaşyp bilmedik Bolgariýa, Gresiýa, Serbiýa we Rumyniýa 2-nji Balkan urşuna başlaýarlar. Osman goşunlary bolsa Bolgariýanyň şertlerinden peýdalanyp 1-nji Balkan urşundan elden gideren Edirne we Kyrklareli welaýatlaryny yzyna alýar.

1939-njy ýylyň 29-nnjy iýuny… Garaşsyz Hataý döwletiniň Mejlisi soňky maslahatyny geçirip, bir agyzdan kabul eden karary bilen Türkiýä birikýär.

1999-njy ýylyň 29-nnjy iýuny… Müňlerçe adamyň ölüminden jogapkär terror guramasy PKK-nyň ýolbaşçysy Abdullah Öjalan Imraly adasynda geçirilen kazyýet diňlenşiginde watana dönüklik edendigi sebäpli ölüm jezasyna höküm edilýär. Öjalanyň jezasy ÝB-ne utgaşyklyk kanunlaryna sebäpli agyrlaşdyrylan ömür boýy azatlykdan mahrum edilme jezasyna öwrülýär.



Degişli Habarlar