Taryhda 27-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1444257
Taryhda 27-nji iýun

 

1905-nji ýylyň 27-nji iýuny… Ýaponiýa garşy yglan edilen uruşda köp sanly gäminiň batmagy we Russiýada agyrlaşan ykdysady şertler sebäpli Potemkin sowutly gämisindäki rus esgerleri Patyşa garşy pitne turuzýar. Beýleki harby bölümlerde-de başlan pitne Patyşa tabynlykdaky esgerler tarapyndan basylyp ýatyrylýar.


1950-nji ýylyň 27-nji iýuny… Dünýäniň ilkinji atom bekedi Moskwanyň 110 kilometr alysyndaky Obninskde açylýar. Gurluşygy gizlinlik bilen alynyp barylan atom bekediniň ulanmaga berilendigi we elektrik toguny öndürmäge başlandygy radio arkaly dünýä jar edilýär.

 

1998-nji ýylyň 27-nji iýuny… Türkiýäniň esasy şäherlerinden Adanada güýçli ýer titremesi bolýar. 210 adamyň ýogalan tebigy apatynda 400 öý dolulygyna ýykylýar, 1300 öýe agyr zeper ýetýär.



Degişli Habarlar