Taryhda 28-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1424610
Taryhda 28-nji maý

1830-njy ýylyň 28-nji maýy…  ABŞ-nyň Prezidenti Andrew Jekson indeýleriň ýaşaýan ýerlerinden sürgün edilmegi hakynda “Ýerli Ornaşdyryş Kanunyny” tassyklaýar. 100 müň indeý harby güýç bilen ýurduň günbataryna göçmäge mejbur edilýär. Sürgüniň dowamynda 30 müňe golaý indeý aradan çykýar.

1918-nji ýylyň 28-nji maýy… Oktýabr ynkybalyndan soň Patyşa Russiýasynyň synmagyndan soň Azerbaýjan Demokratik Respublikasy döredilýär. Azerbaýjan Milli Şurasy tarapyndan yglan edilen respublikanyň birinji prezidenti žurnalist-ýazyjy Mehmet Emin Resulzada bolýar.

1987-nji ýylyň 28-nji maýy… Sowuk uruş dowam edýärkä “Jesna” kysymly uçary bilen Günbatar Germaniýadan ugran uçarman Matias Rust, Sowet Soýuzynyň ähli howa goranyş ulgamlaryndan geçip, Gyzyl meýdana gonýar. Bu waka Sowet Soýuzynyň dargaýyş we Sowuk urşuň tamamlanyş tapgyrynyň öwrülşik nokatlaryndan biri bolýar.



Degişli Habarlar