Tarýhda 22-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1421707
Tarýhda 22-nji maý

1885-nji ýylyň 22-nji maýy… “Sepiller” atly romany bilen dünýä derejesinde meşhurlyk gazanan fransuz ýazyjysy Wiktor Gugo 83 ýaşynda dünýeden ötýär.

1927-nji ýylyň 22-nži maýy… Hytaýyň Sinin welaýatynda 7,9 bala barabar ýer titremesi bolýar. Tebigy apatda 41 müňe golaý adam ýogalýar.

1960-njy ýylyň 22-nji maýy… Taryhyň bilinýän iň güýçli ýer titremesi Çilide başdan geçirilýär. 9,5 bala barabar ýer titremesi 3 minuda golaý dowam edýär. Atlantik okeanynda 25 metr çenli baryp ýeten sunami bilen Gündogar Afrika kenarlary hem-de Hawaii adasyna täsirini ýetiren ýer titremesinde 5 müňe golaý adam pida bolýar.

1972-nji ýylyň 22-nji maýy… ABŞ-da Sowet Soýuzyna prezident derejesinde ilkinji resmi sapar guralýar. Prezident Ryçard Nikson ýadro ýaraglarynyň azaldylmagy hakyndaky “SALT 1 Ylalaşygyna” gol çekişmek üçin Sowet lideri Brežnewiň çakylygyna laýyklykda Moskwa barýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar