Taryhda 20-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1381435
Taryhda 20-nji mart

1815-nji ýylyň 20-nji marty… Fransiýanyň imperatory Napolýon Bonapart Elbe adasynda sürgünlikden gaçandan soň 140 müň adamlyk goşun we 200 müň adamlyk meýletin güýçler bilen Pariže gelýär.

1971-nji ýylyň 20-nji marty… Respublikanyň ilkinji ýyllarynda Atatürk we ýakyn dostlary töweregi hakyndaky synyny “Çankaýa” we “Atatürk Nämedi?” atly eserleri bilen tanalan žurnalist-ýazyjy Faih Ryfky Ataý 77 ýaşynda Stambulda dünýeden ötýär.

2003-nji ýylyň 20-nji marty… Yrak bilen ABŞ-nyň başda durmagyndaky hyzmatdaş güýçleriň arasynda 2-nji Aýlag söweşi Bagdada guralan howa hüjümleri bilen başlaýar. Saddam Hüseýini häkimiýetden agdarmak üçin başlan söweşiň 2011-nji ýylda gutarandygy beýan edilen hem bolsa, yzda durnuksyz ýurt bilen ýüz müňlerçe öli we ýaraly galdy.

2016-njy ýylyň 20-nji marty… ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň Kuba guran taryhy sapary başlaýar. Obama 88 ýyl soň Kuba sapar guran ilkinji Amerikan prezidenti bolýar.


Etiketkalar: Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar