Taryhda 13-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1377460
Taryhda 13-nji mart

624-nji 13-nji marty… Yslamyň Pygamberi hezreti Muhammet we musulmanlardan ybarat bolan topar bilen Mekgänin butparaz häkimiýetiniň arasynda “Bedir söweşi” bolýar. Medinäniň 160 kilometr günorta günbatarynda ýerleşýän suw guýularynyň golaýyndaky söweşde 305 adamdan ybarat bolan musulman söweçiler 1000 adamdan ybarat duşman goşunyny derbi dagyn edýär.

1940-njy ýylyň 13-nji marty… Sowet Soýuzynyň Finlandiýa hüjümi bilen başlan “Gyşky uruş” Finlandiýanyň boýun egmegi we Moskwa şertnamasynyň baglaşylmagy bilen gutarýar.

1964-nji ýylyň 13-nji marty… Türkiýe Birleşen Kipr Döwletiniň Prezidenti Makariosa nota berýär. Notada Kiprde greklere türklere guraýan hüjümleri bes edilmän halatynda Türkiýäniň hemaýatkärlik hukuklaryndan peýdalanyp, ada operasiýa gurajakdygy beýan edilýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar