Taryhda 12-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1376669
Taryhda 12-nji mart

1930-njy ýylyň 12-nji marty… Hindi lideri Mahatma Gandi duz önümçiligindäki hökümet monopoliýasyny protest etmek üçin 400 kilometre golaý dowam eden meşhur “Duz ýörişine” Ahmetabat şäherinden başlaýar.

1947-nji ýylyň 12-nji marty… ABŞ-nyň Prezidenti Herri Truman Türkiýe bilen Gresiýanyň Sowet basyşyndan halas edilmegi maksady bilen 400 million dollarlyk kömek berilmegi üçin Kongresden ygtyýar soraýar.

 

1985-nji ýylyň 12-nji marty… Terror guramasy ASALA-agza bolan ermeni terrorçylary Türkiýäniň Kanadadaky ilçihanasyna ýaragly hüjüm guraýar. Hüjümde kanadaly howpsyzlyk gullukçylaryndan biri ýogalýar, ilçi Joşkun Kyrja ýaralanýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar