Taryhda 11-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1376024
Taryhda 11-nji mart

1985-nji ýylyň 11-nji marty… Konstantin Çernenkonyň ýogalmagyndan soň Mihail Gorbaçow Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň baş sekretarlygyna saýlanýar. Gorbaçow Aç-açanlyk we Üýtgedip gurmak syýasaty bilen dünýä taryhyna geçýär.

2004-nji ýylyň 11-nji marty… Ispaniýanyň paýtagty Madritde otly beketlerine şol bir wagtda guralan bombaly terror hüjümlerinde 191 adam ýogalýar, 1800-den gowrak adam ýaralanýar. Hüjümi terror guramasy Al Kaýda boýun alýar.

2006-njy ýylyň 11-nji marty… Ýugoslawiýanyň bölünmegine we 250 müňe golaý adamyň ýogalmagyna sebäp bolan içerki uruş döwründe Serbiýanyň Prezidenti bolan Slobodan Milosewiç Gagada ölýär. “Adamzada garşy we harby jenaýat etmekden” günäli hökmünde Halkara harby jenaýatlar kazyýetinde 66 iş boýunça iş gozgalan Milosewiç tussaglykda mahaly ölýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar