Taryhda 19-njy fewral

Taryhyň Şu Güni

1362091
Taryhda 19-njy fewral

1915-nji ýylyň 19-njy fewraly… 1-nji Jahan urşynyň Osman döwleti üçin esasy söweşlerinden biri Dardanel bogazynda başlaýar. Dardanel söweşi üçin harby güýçlerini ýygnan Hyzmatdaş döwletleriň Birleşen Floty bogazy goraýan artilleriýanyň ýerleşýän pozisiýasyny bombalaýar.

1959-njy ýylyň 19-njy fewraly… Türkiýäniň, Gresiýanyň we Britaniýanyň arasynda garaşsyz Kipr Respublikasynyň gurulmagy hakyndaky London ylalaşygyna gol goýulýar. Britaniýa, Türkiýe we Gresiýa Kipr döwletiniň hemaýatkär ýurtlary bolýar.

1986-njy ýylyň 19-njy fewraly… Mir Kosmos bazasynyň ilkinji moduly Sowet Soýuzy tarapyndan älem giňişligine uçurylýar. İçinde yzgiderli ýaşaýyş bolan ilkinji älem giňişligini öwreniş beledi bolan Miriň işi 2001-nji ýylyň 21-nji martynda gutarýar.

1992-nji ýylyň 19-njy fewraly… Türkmenistanyň baýdagy kesegitlenýär. Şol sene ýurtda “Baýdak baýramy” hökmünde bellenilip geçilýär. 19-njy fewral ýurduň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmebaşynyň hem doglan güni.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar