Taryhda 12-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 12-nji fewral

1912-nji ýylyň 12-nji fewraly… 6 ýaşly Hytaý imperatory Pu Ýi tagtdan agdarylýar we ýurtda respublika yglan edilýär. Şeýlelikde 2 müň ýyllyk Hytaý imperiýasy ömrüni tamamlaýar.

 

1959-njy ýylyň 12-nji fewraly… Sýurih maslahatynda gurulmagyna karar berilen Kipr Respublikasy we hemaýatkärlik bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin 2-nji London maslahaty geçirilýär.

1999-njy ýylyň 12-nji fewraly… “Monika Lewinski” işinde ýalan şaýatlyk etmek we adalaty bökdemek günäsi boýunça wezipeden çetleşdirilmek üçin iş gozgalan Bill Klinton Senat tarapyndan aklanýar.

 

2002-nji ýylyň 12-nji fewraly… Ýugoslawiýanyň ozalky Prezidenti Slobodan Milosewiç eden gumanitar jenaýatlary sebäpli Gagadaky Halkara jenaýat kazyýetinde kazynyň öňüne çykarylýar. 66 derňew işi gozgalan Milosewiç 2006 ýylda tussaghanada ölýär.


Etiketkalar: Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar