Taryhda 11-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 11-nji fewral

1990-njy ýylyň 11-nji fewraly… Günorta Afrikada rasist hökümete garşy göreşiň simwoluna öwrülen Nelson Mandelanyň Robben adasynda we Pollsmur tussaghanasynda 27 ýyl dowam eden jezasy gutarýar. Afrikanyň Milli Kongresiniň lideri Mandela 1994-nji ýylda geçirilen saýlawda prezident bolýar we ýurdundaky rasist dolanşygy bes edýär.

2006-njy ýylyň ýylyň 11-nji fewraly… Nemes arheologlary Şanlyurfanyň Göbeklidepe diýilýän ýerinde adamzat taryhynyň iň gadymy aragatnaşyk ulgamy hökmünde kesgitlenen we ýazgynyň ilkinji görnüşi bolan belgileri tapýarlar. Göbeklidepe Şanlyurfanyň 22 kilometr demirgazyk gündogarynda, Örenjik ybasynyň golaýynda ýerleşýän dünýäniň iň gadymy kult binalar toplumydyr. 11,500 ýyl ozal gurlandygy kesgitlenen Göbeklidepe ÝUNESKO-nyň Miras sanawyna girizildi.

 

2011-nji ýylyň 11-nji fewraly… Müsüri 30 ýylyň dowamynda diktator ulgamynda dolandyran Hüsni Mübärek Kairiň Tahrir meýdanynda başlan we bütin ýurtda ýaýbaňlanan halk demonstrasiýalary netijesinde wezipesinden çekilýär.


Etiketkalar: Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar