Taryhda 9-njy fewral

Taryhyň Şu Güni

1355657
Taryhda 9-njy fewral

 

1934-nji ýylyň 9-njy fewraly… Ýewropada barha ýaýbaňlanan syýasy dartgynlyga garşy Türkiýäniň, Gresiýanyň, Rumyniýanyň we Ýugoslawiýanyň arasynda Afynyda “Balkan Antantyna” gol çekişilýär. Ylalaşyk bilen 4 ýurt birek-biregiň serhetlerine sarpa goýjakdyklaryny yglan edýärler.

 

1975-nji ýylyň 9-njy fewraly… TRT tarapyndan ilkinji gezek guralan Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşiginiň Türkiýe finalynda birinji orna Semiha Ýankynyň “Seň bilen bir minut” atly aýdymy bilen “Jiji Kyzlar” toparynyň “Deli sen” atly aýdymy laýyk görülýär. Bije çekilmegi netijesinde Semiha Ýanky Türkiýä wekilçilik etmäge hukuk gazanýar.

1987-nji ýylyň 9-njy fewraly… Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şol senäni temmäki önümleri bilen göreş maksatnamasynda “Çilim taşlaýyş güni” hökmünde yglan edýär.



Degişli Habarlar