Taryhda 30-njy ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1350569
Taryhda 30-njy ýanwar

1933-nji ýylyň 30-njy ýanwary… Germaniýada Prezident Hindenburg Nasist partiýanyň Başlygy Afolf Gitleri 12 agzadan emele gelýän şärikdeş hökümetiň Kanslerligine belleýär.

1943-nji ýylyň 30-njy ýanwary… Britaniýanyň Premýer-ministri Çerçil Kasablanka maslahatyndan soň Prezident İsmet İnönü bilen duşuşmak üçin Türkiýä gelýär. Adanada geçirilen duşuşykda Çerçil İnönüden Balkan  ýurtlarynda nasistlere garşy ikinji frontuň açylmagy üçin Türkiýäniň urşa girmegini isleýär. İsmet İnönü şol talaby türk goşunlarynyň urşa taýar däldigini beýan etmek bilen kabul etmeýär.

1948-nji ýylyň 30-njy ýanwary… Hindistanyň esaslandyryjy lideri Mahatma Gandi Täze Delide janyna kast edilip öldürilýär. Jenaýatçy Nathuram Godse Hindu radikallardan biridi.

1972-nji ýylyň 30-njy ýanwary… İňlis esgerleri Demirgazyk İrlandiýanyň Derri şäheriniň Bogsid etrabynda ýöriş geçiren ýaragly demonstrantlara od açýar. Taryha “Ganly ýekşenbe” ady bilen geçen wakada 14 adam ýogalýar.

 



Degişli Habarlar