Taryhda  24-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1346417
Taryhda  24-nji ýanwar

 

1965-nji ýylýň 24-nji ýanwary… 2-nji Jahan urşy ýyllarynda Britaniýada premýer ministr bolup işlän Winston Çerçil 91 ýaşynda dünýeden ötýär.

 

1980-nji ýylýň 24-nji ýanwary… Türkiýe liberal ykdysady dolanşyk ulgamyna geçmek hakynda karar kabul edýär. Premýer ministr Süleýman Demirel tarapyndan güýje girizilen “24-nji ýanwar kararlary” bilen türk lirasy dewalwasiýa edilýär we türk ykdysadyýeti halkara maýasyna açylýar.

 

1993-nji ýylýň 24-nji ýanwary… Türkiýäniň belli žurnalistlerinden Ugur Mumju Ankaradaky öýüniň öňünde sezewar bolan bombaly hüjüminde pida bolýar.

 

 

2001-nji ýylýň 24-nji ýanwary… Diýarbakyr welaýatynyň İçeri işler bölüminiň müdiri Gaffar Okkan öýüne barýarka guralan ýaragly hüjümde şehit bolýar. Okkan bilen bilelikde 4 janpenasy hem ýogalýar.



Degişli Habarlar