Taryhda 23-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1345743
Taryhda 23-nji ýanwar

1556-njy ýylýň 23-nji ýanwary… “İň köp adam pidasyna sebäp bolan ýer titremesi” hökmünde taryha geçen “Şensi Ýer titremesi” Hytaýyň demigazyk günbatarynda başdan geçirilýär. 8 bala barabar bolan tebigy apatda 830 müňe golaý adam ýogalýar.

 

1973-nji ýylýň 23-nji ýanwary… ABŞ bilen Demirgazyk Wiýetnamyň harby goşunlarynyň arasynda 10 ýyl ozal başlan Wiýetnam urşy, Parižde gol çekişilen ylalaşyk bilen bes edilýär. Emma ylalaşyk gysga dowam edýär. Amerikan esgerleriniň 1973-nji ýylyň mart aýynda Wiýetnamdan doly çykmagyndan soň 2 ýylyň dowamynda Wiýetkong gýçleri bilen ABŞ tarapyndan goldanýan Günorta Wiýetnamyň harby güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär. 1975-nji ýylda Demirgazyk Wiýetnamyň goşunlarynyň Günorta Wiýetnamyň paýtagty Saýgony almagyndan soň Wiýetnam urşy doly gutarýar.

 

1989-njy ýylýň 23-nji ýanwary… Surat sungatynyň meşhur wekillerinden ispan suratkeşi Salwador Dali 85 ýaşynda dünýeden ötýär. Dali, Pikasso bilen bilelikde suratkeşlikde “Surrealizm” atlandyrylýan akymyň esasy wekillerinden biridi.

 

2008-nji ýylýň 23-nji ýanwary… Gresiýanyň Premýer ministri Kostas Karamanlis Türkiýä taryhy sapar guraýar. Karamanlis 49 ýyl soň Türkiýä sapar guran ilkinji grek premýer ministri bolýar.



Degişli Habarlar