Taryhda 15-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1341162
Taryhda 15-nji ýanwar

 

1919-njy ýylyň 15-nji ýanwary: I jahar urşundan soň Germaniýanyň tanymal sosýalist liderleri Roza Lýuksemburg bilen Karl Libkneht öldürilýär. Lýuksemburg bilen Libknehtiň hökümete ýakynlygy bilen tanalýan “Freikorpsly” başbozarlar tarapyndan öldürlendigi ýüze çykýar.

 

 

1984-nji ýylyň 15-nji ýanwary: Kipr türkleriniň syýasy lideri, žurnalist ýazyjy Dr. Fazyl Küçük 78 ýaşynda Londonda dünýeden ötýär. Fazyl Küçük, grekleriň we türkleriň bilelikde guran Kipr döwletiniň ilkinji prezidentiniň orunbasary wezipesini ýerine ýetiripdi.

 

 

2005-nji ýylyň 15-nji ýanwary: Ýaser Arafadyň ýogalmagyndan soň 9-njy fewralda Palestiniň döwlet Ýolbaşçysy hökmünde saýlanan Mahmud Abbas kasam edip wezipesine başlaýar. Abbas Ysraýyla hüjümleriň bes edilmegi we parahatçylyk şertnamasynyň baglaşylmagy üçin çagyryş berýär.



Degişli Habarlar