Taryhda 12-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 12-nji ýanwar

 

 

1875-nji ýylyň 12-nji ýanwary… Stambulyň Beýogly etrabynda gurulan “Tunelden” ýolagçy gatnadylmaga başlanýar. “Tunel” Londonyň metrosyndan soň dünýäniň iň gadymy ýerasty gatnaw ulgamy. Ilki hususy eýeçilige degişli bolan “Tunel”, 1939-njy ýylda döwlet eýeçiligine degişli edilýär.

 

1920-nji ýylyň 12-nji ýanwary… Osman döwletiniň Wekiller Mejlisiniň soňky maslahaty Stambulda geçirilýär. Mejlisde hem Patyşa hem-de Anadoly halkyna wekilçilik edýän halk wekilleri bardy. Mejlisiň ýurduň territorial bitewiliginiň üpjün edilmegi  we doly garaşsyzlyk üçin “Milli Jarnama” kararlarynyň kabul edilmegi sebäpli hyzmatdaş ýurtlar 16-njy martda Stambuly basyp alýar we Mejlisi ýatyrýar.

1991-nji ýylyň 12-nji ýanwary… ABŞ-nyň Kongresi Yragyň harby goşunlarynyň Kuwetden çykarylmagy üçin hökümete güýç ulanmaga ygtyýar berýär. Şol karardan soň 1-nji Aýlag urşy başlaýar.

2006-njy ýylyň 12-nji ýanwary… Haj parazasyny berjaý etmek üçin Mina baran adamlaryň arasyndaky dyklyş sebäpli 364 adam ýogalýar.


Etiketkalar: uruş , Aýlag , pajyga

Degişli Habarlar