Taryhda 4-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1334507
Taryhda 4-nji ýanwar

1969-njy ýylyň 4-nji ýanwary… 1965-nji ýylda gol çekişilen “Ähli milletparaz ekstremizminiň ortadan aýrylmagy hakyndaky Halkara şertnama” güýje girýär.

1990-njy ýylyň 4-nji ýanwary… PAkistanyň Sinh welaýatynda taryhyň iň uly otly pajygalaryndan biri bolýar. Ýolagçy otlularyndan biri ýük otlusy bilen çakyşýar. Pajygada 307 adam ýogalýar.

2006-njy ýylyň 4-nji ýanwary… Sabra we Şatikka düşelgelerindäki gyrgynçylyk sebäpli palestinalylaryň arasynda ady “Gassap” hökmünde bilinýän Ysraýylyň Premýer ministr Ariel Şaronyň beýnisine gan inýär we reanimasiýa girýär. Şaron 8 ýyl reanimasiýada ýatandan soň 2014-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda ölýär.

2010-njy ýylyň 4-nji ýanwary… 830 metr beýikligi bilen dünýäniň iň uly binasy derejesini Şanhaý Towerden alan Dubai Burj Halyfanyň gurluşygy tamamlanýar.


Etiketkalar: #taryh

Degişli Habarlar