Taryhda 14-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1323190
Taryhda 14-nji dekabr

1799-njy ýylyň 14-nji dekabry… ABŞ-nyň esaslandyryjysy we ilkinji prezidenti Jorj Waşington dünýeden ötýär.

1911-nji ýylyň 14-nji dekabry… “Wiking” lakamly norwegiýaly jahankeşde Roald Amundsen demirgazyk-günbatar geçelgesini geçip, Günorta ýarym şaryň başlangyç nokadyna barýar.

1935-nji ýylyň 14-nji dekabry… Futbol taryhynda ilkinji gezek iňlis futbol komandasy Arsenal Aston Willany 7-1 hasabynda utýar.

1953-nji ýylyň 14-nji dekabry… Iş bankyň wekselleri bilen bilelikde Respublikan halk partiýasyna degişli emläkleriň döwlet gaznasyna geçirilmegi hakyndaky kanun Mejlisde kabul edilýär.

1954-nji ýylyň 14-nji dekabry… Kipr meselesi BMG-niň gün tertibine getirilýär.

1960-njy ýylyň 14-nji dekabry… Bosfor bogazynda grek we Ýugoslaw nebit tankerleri kakyşýar. Heläkçilikde 52 adam ýogalýar. Deňize dökülen tonnalarça gaz ýagy 52 günläp ýanýar.

1960-njy ýylyň 14-nji dekabry… ABŞ, Kanada, Türkiýe Şärik bazara agza 9 döwlet we Ýewropa Berlin Söwda Bileleşige agza 7 ýurt Parižde Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň döredilmegi üçin ylalaşýarlar.

1981-nji ýylyň 14-nji dekabry… Ysraýylyň hökümeti 1967-nji ýylda “6 gün söweşinde” alan Golan Depelerini özüne birikdirendigini yglan edýär.

1989-njy ýylyň 14-nji dekabry… Adam hukuklary aktiwisti we Nobeliň parahatçylyk baýragynyň eýesi sowet alymy Andreý Saharow 67 ýaşynda aradan çykýar.

1995-nji ýylyň 14-nji dekabry… Gresiýada 3 ýyl dowam eden içerki uruşyň bes edilmegi hakyndaky Daýton ýaraşyk şetnamasyna Aliýa İzzetbegowiç, Slobodan Milosewiç we Franžo Tudžman gol çekişýär.

2005-nji ýylyň 14-nji dekabry… “Trewenian” lakamy bilen “Şibumi”, “Katýanyň ýyldyzy” we Hasaplaşyk” ýaly edebiýat dünýäsine tanymal eserler goýup giden amerikaly ýazyjy Rodneý Uiliam Waýtker 74 ýaşynda dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar