Taryhda 10-njy dekabr

Taryhyň Şu Güni

1320519
Taryhda 10-njy dekabr

1898-nji ýylyň 10-njy dekabry… Kuba, İspaniýa-ABŞ uruşundan soň gol çekişilen Pariž ylalaşygy bilen garaşyzlygyny alýar.

1901-nji ýylyň 10-njy dekabry… Nobel baýragy berilmäge başlanýar. 5 ugur boýunça berilen ilkinji baýraklar alymlar Wilhelm Rentgen, Ýakob Hoff we Emil Behringe hem-de fransuz şahyry Sulli Prudhom bilen Gyzylhaç hereketini döreden şweýsariýaly Dunanta berilýär.

1948-nji ýylyň 10-njy dekabry… BMG Adam hukuklary jarnamasyny kabul edýär. Türkiýe tarapyndan hem goldanýan jarnamanyň kabul edilen güni bolan 10-njy dekabr “Adam hukuklarynyň halkara güni” hökmünde yglan edilýär.

1957-nji ýylyň 10-njy dekabry… Greklerin türklere guraýan hüjümleriniň agyrlaşmagy sebäpli Kiprde adatdan daşary dolanşyk düzgüni yglan edilýär.

1983-nji ýylyň 10-njy dekabry… Argentinada harby dolanşyk bes edilýär, ýurduň 8 ýyl soňky ilkinji harby däl prezidentligine Raul Alfonsin saýlanýar.

1988-nji ýylyň 10-njy dekabry… Türkiýede ilkinji bagyr çalşygy Hajettepe uniwersitetiniň hassahasynda amala aşyrylýar. Prof.Dr. Mehmet Haberal we topary tarapyndan edilen operasiýada Ahmet Aktaşyň bagyry, böwregi we kornealary 5 hassa goýulýar.

2003-nji ýylyň 10-njy dekabry… Zenan we çaga hukuklary boýunça alyp baran işleri bilen tanalýan Şirin Abadi Nobeliň parahatçylyk baýragyna laýyk görülen ilkinji musulman zenan we ilkinji eýranly bolýar.

2006-njy ýylyň 10-njy dekabry…Çilini 1973-nji ýyldan başlap 17 ýylyň dowamynda diktatorlyk bilen dolandyran Awgusto Pinoçe dünýeden ötýär.

2016-njy ýylyň 10-njy dekabry… Türkiýe Prezident dolanşygyna geçmek hakyndaky konstitutsion özgertme 316 halk deputatynyň goly bilen Mejlisiň garamagyna hödürlenýär.

2016-njy ýylyň 10-njy dekabry… Ektremist terror guramasy PKK Stambulyň Beşiktaş etrabynda polis gullukçylaryna bombaly hüjüm guraýar. Hüjümde 44 adam şehit bolýar, 164 adam ýaralanýar. Türkiýede 3 günlük ýas yglan edilýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar