Taryhda 8-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1319382
Taryhda 8-nji dekabr

 

1863-nji ýylyň 8-nji dekabry… Çiliniň paýtagty Santiagoda ýerleşýän taryhy buthanada bolan ýangynda 2 müňden gowrak adam ýogalýar.

1868-nji ýylyň 8-nji dekabry… Ilkinji çyraly ýol gatnaw lampalary Londonda ulanylmaga başlanýar.

1953-nji ýylyň 8-nji dekabry… Türk milli futbol komandasy Ispaniýany utup, Dünýä çempionadyna gatnaşmaga hukuk gazanýar.

1980-nji ýylyň 8-nji dekabry… Beatles toparynyň esaslandyryjysy Jon Lennon Nýu-Ýorkdaky öýüniň öňünde akyl huşy çaşan muşdagy Mark Dewid Çapman tarapyndan öldürilýär.

1987-nji ýylyň 8-nji dekabry… Palestinada 1-nji Intifada hereketi başlaýar. Ýehudi ýaşaýjylaryndan biriniň sürýän ulagynyň Ysraýylda işleýän 4 palestinaly işçini alyp barýan ulagy kakmagy we palestinalylaryň ölmegi sebäpli başlan protestler gysga möhletde Palestinany gurşap alan göreşe öwrülýär.

1987-nji ýylyň 8-nji dekabry… ABŞ-nyň Prezidenti Ronald Reýgen we Sowet Soýuzynyň lideri Mihail Gorbaçow orta aralykly ýadro raketalaryň iki taraply ýok edilmegi boýunça ylalaşýarlar.

1991-nji ýylyň 8-nji dekabry… Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soň Russiýanyň Prezidenti Boris Ýelsin Ukraina we Belarus bilen Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyny döredendiklerini yglan edýär.


Etiketkalar: #arkalaşyk , #futbol , #ýangyn

Degişli Habarlar