Taryhda 6-njy dekabr

Taryhyň Şu Güni

1318490
Taryhda 6-njy dekabr

1865-nji ýylyň 6-njy dekabry... Içerki urşuň gutarmagyndan soň ABŞ-nyň konstitutsiýasyna gulçulygy gadagan edýän 13-nji madda goşulýar. Gulçulyga garşy durýan ABŞ-nyň Prezidenti Abraham Linkoln düzgünnamanyň kanunçyga girizilmegini görüp bilmeýär. Linkol şol ýyl 18-nji aprelde janyna kast edilip öldürilýär.

1907-nji ýylyň 6-njy dekabry… ABŞ-nyň Monongah şäherinde kömürturşy gazynyň ýarylmagy sebäpli 362 magdançy heläk bolýar.

1950-nji ýylyň 6-njy dekabry… Hytaý koreý urşuna gatnaşýar. BMG-niň harby güýçleriniň gözegçiligindäki Phenýan şäheri Demirgazyk Koreýanyň goşunlary tarapyndan basylyp alynýar.

1959-njy ýylyň 6-njy dekabry… Türkiýe ilkinji gezek Amerikan Prezidentini myhman alýar. Prezident Einşower resmi sapar bilen Türkiýä gelýär.

1971-nji ýylyň 6-njy dekabry… Hindistanyň Pakistandan garaşsyzlygyny yglan eden Bangladeşi resmi taýdan ykrar etmegi iki ýurduň arasynda diplomatik we harby dartgynlyga sebäp bolýar.

1997-njy ýylyň 6-njy dekabry… Antonow kysymly rus ýük uçary Sibirde ýaşaýyş jaýlarynyň üstüne gaçýar, 67 adam ýaralanýar.

2017-nji ýylyň 6-njy dekabry… ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Iýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar edýändiklerini we ilçihanalaryny İýerusalime göçürjekdiklerini beýan edýär. Musulman ýurtlarynyň garşylygyna sezewar bolan karardan soň agza ýurtlar Stambulda geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda Gündogar İýerusalimi Palestinanyň paýtagty hökmünde ykrar edýändiklerini yglan edýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar