Taryhda 1-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 1-nji  dekabr

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 1-nji dekabry… Tarýhýň Şu Güni başlaýar…

1402-nji ýylyň 1-nji dekabry… Ankara urşunda Osman goşunlaryny ýeňen Emir Timur 57 ýyllap Rodos rysarlary tarapyndan dolandyrylan Izmiri gabaw astyna alýar. Gabawdan garaşýan netijesini alyp bilmedik Timur Anadolydan yza dolanmak barada karara gelýär.

1906-njy ýylyň 1-nji dekabry… Dünýäniň ilkinji kino zaly Parižde açylýar.

1913-nji ýylyň 1-nji dekabry… “Ford Hereketlendiriji Senagaty” firmasy awtoulag önümçiliginde öwrülşik nokadyny emele getiren ilkinji elektronik gurnaýyş ulgamyny ulganmaga başlaýar.

1925-nji ýylyň 1-nji dekabry… 1-nji Jahan urşundan soň emele gelen syýasy serhetleriň üýtgedilmegi üçin Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň, Italiýanyň, Polşanyň, Belgiýanyň we we Çehoslowakiýanyň arasynda Lokarno şertnamasy baglaşylýar.

1931-nji ýylyň 1-nji dekabry… “Stambulyň köçelerinde” atly ilkinji sesli türk filmi görkezilmäge başlanýar.

1935-nji ýylyň 1-nji dekabry… Amerikaly aktýor, ýazyjy we režisýor Wudi Allen Nýu-Ýorkda dünýä inýär.

1964-nji ýylyň 1-nji dekabry… Türkiýäniň Ýewropanyň Ykdysady Bileleşigine agzalyga kabul edilmegi hakyndaky Ankara şertnamasy güýje girýär.

1981-nji ýylyň 1-nji dekabry… Ýugoslawiýanyň howaýollaryna degişli ýolagçy uçary Korsika adasynda ýere gaçýar. Heläkçilikde 178 adam pida bolýar.

1987-nji ýylyň 1-nji dekabry… Bütindünýä Saglygy Saklaýyş Guramasy Bütindünýä SPID gününi yglan edýär.

1990-njy ýylyň 1-nji dekabry… Manş tuneliniň Britaniýada we Fransiýada başlan bölümleri deňiziň 40 metr aşagynda birikdirilýär.

2000-nji ýylyň 1-nji dekabry… Çiliniň ozalky diktatory Awgusto Pinoçet jenaýat we adam ogurlamak günäleri sebäpli tussag edilýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar