Taryhda 26-njy noýabr

Taryhyň Şu Güni

1312567
Taryhda 26-njy noýabr

1812-nji ýylyň 26-njy noýabry… Bonapartyň Russiýa sapary üstünliksiz tamamlanýar. Moskwanyň golaýyna baran Napolýon Bonapartyň serkerdelik edýän fransuz goşuny uly ýitgi çekýär.

1942-nji ýylyň 26-njy noýabry… Nemes goşunlaryna garşy Stalingradda ençeme gün söweşen Sowet esgerleri hüjüme geçýärler. Stalingrad söweşi 2-nji Jahan urşunda nemesleriň harby üstünligini elinden alýar.

1943-nji ýylyň 26-njy noýabry… Amasýa, Çorum, Samsun, Tokat, Ordu we Kastamonu welaýatlaryna täsirini ýetiren merkezi Ladikde bolan 7,2  bala barabar ýertremesinde 4 müňden gowrak adam pida bolýar. Ýer titremesinde 25 müňe golaý jaýa zeper ýetýär.

1962-nji ýylyň 26-njy noýabry… Amerikan hökümeti “Kuba raketa dartgynygynyň” dowamynda Sowet Soýuzyna beren kepilnamasyna laýyklykda Türkiýede ornaşdyrylan ýupiter raketalaryny aýyrmak hakynda karar kabul edýär.

1993-nji ýylyň 26-njy noýabry… Germaniýa Türkiýäniň diplomatik tagallalary netijesinde PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar edýär. Terror guramasynyň ýurtdaky ähli ýaran guramalaryny ýapýar.



Degişli Habarlar