Taryhda 11-njy noýabr

Taryhyň Şu Güni

1303741
Taryhda 11-njy noýabr

1821-nji ýylyň 11-njy noýabry… “Jenaýat we Jeza”, “Doganlar Karamazowlar” we “Masgarabaz” ýaly klassiki eserleriň awtory rus ýajysy Feodor Dostoýewski Moskwada dünýä inýär.

1914-nji ýylyň 11-njy noýabry… Osman imperiýasy Soýuzdaş ýurtlara resmi taýdan uruş yglan edýär.

1918-nji ýylyň 11-njy noýabry… Germaniýa bilen Soýuzdaş ýurtlaryň arasynda 1-nji Jahan urşunyň bes edilmegi hakyndaky şertnama Fransiýada gol çekişilýär.

1947-nji ýylyň 11-njy noýabry… Türkiýe Halkara Pul Gaznasyna agza bolýar.

1973-nji ýylyň 11-njy noýabry… Ysraýyl bilen Müsüriň arasynda İom Kippur urşunyň bes edilmegi üçin ylalaşyk gazanylýar.

2004-nji ýylyň 11-njy noýabry… Palestinany azat ediş guramasynyň Lideri we Palestinanyň ilkinji Prezidenti Ýaser Arafat Fransiýada bejergi alýan hassahanasynda dünýeden ötýär. Arafat Kairdäki jynaza namazyndan soň Ramallahda jaýlanýar.

2005-nji ýylyň 11-njy noýabry… Yslamyň ilkinji ýyllaryny gürrüň berýän “Çagyryş” we Liwiýa göreşiniň legendar gahrymany Omar Muhtaryň durmuşyny beýan edýän filmi bilen dünýä meşhur bolan režisýor Mustafa Akkad 75 ýaşynda Omanda aradan çykýar.

2016-njy ýylyň 11-njy noýabry… PKK terrorçylarynyň bombaly hüjüminde agyr ýaralanan Mardin welaýatynyň Derik etrabynyň häkimi Fatih Safitürk şehit bolýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar