Taryhda 8-nji noýabr

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 8-nji noýabr

1520-nji ýylyň 8-nji noýabry… Daniýanyň Şasy Kristian 2-njiniň buýrugy bilen şwed asylzadalaryna “Stokgolm gyrgynçylygy” edilýär. Gyrgynçylyk sebäpli Daniýa bilen Şwesiýanyň arasynda uruş turýar.

1793-nji ýylyň 8-nji noýabry… Parižde dünýä meşhur Lowr muzeýi açylýar. Lowr 13-nji asyryň başlarynda gala hökmünde gurulýar.

1923-nji ýylyň 8-nji noýabry… Germaniýanyň Bawiýera ştatynda Adolf Gitler we ýaranlary “Piwohana agdarlyşygy” atlandyrylan aksiýanyň netjesinde Gitler we ýoldaşlary ele salynyp, tussag edilýär. Gitler tussaghanada mahaly nasizmiň baş kitaby “Meniň Göreşimi” ýazýar.

1988-nji ýylyň 8-nji noýabry… Hytaýyň Ýunnan welaýatynda 7,2 bala barabar ýer titremesi bolýar. Ýer titremesinde 730 adam ýogalýar, 400 müň öýe zeper ýetýär.

1992-nji ýylyň 8-nji noýabry… Germaniýanyň paýtagty Berlinde ýaýbaňlanan rasist aksiýalara garşy ýurduň taryhynyň iň uly demonstrasiýalary geçirilýär. Aksiýa 350 müňe golaý adam gatnaşýar.

2000-nji ýylyň 8-nji noýabry… Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk üçin meýilnama haşýetine eý ebolan “Agzalyk Resminamasy” beýan edilýär.

2000-nji ýylyň 8-nji noýabry… ABŞ-da Demokrat Al Gor we Respublikaçy Jorj  Buş saýlawda deň ses alýar we ýurtda syýasy haos emele gelýär. Dalaşgärleriň arasynda 537 ses tapawudynyň bolmagy sebäpli mesele ABŞ-nyň Ýokary kazyýetiniň garamagyna hödürlenýär. Kazyýet 4-e garşy 5 ses bilen Jorj Buş ýeňiji yglan edýär.


Etiketkalar: Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar