Taryhda 6-njy noýabr

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 6-njy noýabr

1494-nji ýylyň 6-njy noýabry… Dünýäde “Ajaýyp” lakamy bilen tanalan Kanuny Soltan Süleýman dünýä inýär. Kanuny Soltan Süleýman kakasy Ýawuz Soltan Selimden soň 10-njy Osman patyşa hökmünde tagta çykýar we 46 ýyl höküm sürýär. Osman imperiýasy onuň döwründe iň uly territoriýany eýeleýärdi.

1860-njy ýylyň 6-njy noýabry… Abraham Linkoln ABŞ-nyň 16-njy prezidentligine saýlanýar. Linkoln Amerikan içerki urşunda gulçulygyň dowam etmeginiň tarapynda durýan günorta ştatlarda ýeňiş gazanyp, ýurduň jebisligini goran liderdir. ABŞ-da gulçulyk Linkoln döwründe gadagan edilýär.

1893-nji ýylyň 6-njy noýabry… Dünýä meşhur eserleri döreden rus kompozitory Çaýkowski 53 ýaşynda Sankt Peterburgda dünýeden ötýär.

1944-nji ýylyň 6-njy noýabry… ABŞ-nyň Ganford ýadro desgalarynda pluton öndürilýär. Şol pluton Ýaponiýanyň Nagasaki şäherine atylan bombanyň öndürilmegi üçin peýdalanylýar.

1983-nji ýylyň 6-njy noýabry… 12-nji sentýabr harby agdarlyşygyndan soň halk ilkinji saýlawa gatnaşýar. 12-nji sentýabr dolanşygy tarapyndan rugsat berlen 3 syýasy partiýanyň gatnaşan parlament saýlawy garaşylmadyk netijäni ýüze çykýar. Turgut Özalyň ýolbaşçylygyndaky Ene watan partiýasy 211 halk deputaty bilen ýekelikde hökümet gurjak köplüge eýe bolýar.

1985-nji ýylyň 6-njy noýabry… Kolumbiýada hökümete garşy başbozarlar paýtagt Bogotadaky adalat köşküni ele geçirýärler.

1988-nji ýylyň 6-njy noýabry… PKK terrorçylary Mardin welaýatynyň Dargeçit etrabynyň obalaryndan birine hüjüm guraýar we üç sanysy mugallym 4 adamy şehit edýär.


Etiketkalar: Kanuny , Taryhda şu gün

Degişli Habarlar