Taryhda 29-njy sentýabr

Taryhyň Şu Güni

Taryhda 29-njy sentýabr

 

 

2019-njy ýylyň 29-njy sentýabry… Taryhyň Şu Güni Başlaýar.

1547-nji ýylyň 29-njy sentýabry… “Don Kishot” kitabynyň awtory ispan ýazyjysy Miguel de Serwantes dünýä inýär.

1902-nji ýylyň 29-njy sentýabry… “Nana” we “Germinal” romanlarnyň dünýä meşhur awtory Emile Zola Parižde dünýeden ötýär.

1911-nji ýylyň 29-njy sentýabry… Liwiýany basyp almak islän Italiýa bilen Osman döwletiniň arasynda Tripoli söweşi başlaýar.

1913-nji ýylyň 29-njy sentýabry… 2-nji Balkan urşundan soň Osman döwleti bilen Bolgariýanyň arasynda Stambul şertnamasy baglaşylýar. Bolgariýa 5 ýyl soň şol gün Saloniki ylalaşygy bilen 1-nji Jahan urşundan çekilýär.

1937-nji ýylyň 29-njy sentýabry… Hytaýda ýapon howpyna garşy milletçi general Çan Kaý-Şek bilen kommunist Mau Zedong bilelikde hereket etmek barada ylalaşýar.

1939-njy ýylyň 29-njy sentýabry… Polşanyň esgerleri nemes goşunlaryna boýun egýär, Warşawa faşistler tarapyndan alynýar.

1941-nji ýylyň 29-njy sentýabry… Kiýewi basyp alan nemesler Babi Ýar gyrgynçylygyna başlaýar. Nemesler 2 günde 34 müň ýehudini öldürýär.

1992-nji ýylyň 29-njy sentýabry… Hakkariniň Şemdinli etrabynyň Derejik Jandarm serhet galasyna hüjüm eden terrorçylaryň 200 sanysy öldürilýär. Çaknyşykda 23 esger we 5 goragçy şehit bolýar.


Etiketkalar: Polşa , Ýaponiýa , Hytaý

Degişli Habarlar