Taryhda 11-nji sentýabr

Taryhyň şu güni

1267036
Taryhda 11-nji sentýabr

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabry. Taryhyň şu güni başlaýar

1855-nji ýylyň 11-nji sentýabry: Krym söweşinde iňlis-fransuz we osman güýçleri Siwastopol şäherini ele geçirýär

1941-nji ýylyň 11-nji sentýabry: Wan kölünde we töwereklerinde bolan ýer titremesinde 194 adam ýogalýar, 36 oba dolulygyna ýykylýar

1948-nji ýylyň 11-nji sentýabry: Pakistanyň esaslandyryjy Döwlet baştutany Muhammed Ali Jinnah 72 ýaşynda Karaçi şäherinde aradan çykýar

1973-nji ýylyň 11-nji sentýabry: Çiliniň Prezidenti Salwador Allende, Pinoçetiň ýolbaşçylygyndaky harby goşun tarapyndan agdarylýar. Harby agdarlyşykda Allende öldürilýär

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabry: ABŞ-niň Nýu-Ýork şäherinde “Ekiz minara” hökmünde atlandyrylýan Bütin dünýä söwda merkezi bilen Goranmak ministrligi Pantagona ýolagçy uçary bilen terrorçylykly hüjüm guralýar. Terror guramasy Al Kaida tarapyndan guralan hüjümlerde 2976 adam ýogalýar, 6300 adam ýaralanýar. Taryhda “11-nji sentýabr” wakalary hökmünde ýer alan hüjümden soň ABŞ Owganystana we Yraga hüjüm gurady

2015-nji ýylyň 11-nji sentýabry: Güýçli şemal sebäpli Saud Arabystanynyň Mekge şäherinde metjidiň gurluşygynda ulanylýan kran hajalyga dalaşgärleriň üstüne gaçýar. Wakada 2-si türk 107 adam ýogalýar, 238 adam ýaralanýar

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Al Kaýda , #minara , #Pakistan

Degişli Habarlar